Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda az kükürtli ýakyş mazudy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 11 million 955 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
BAE-den we Wirgin adalaryndan gelen işewürler bir tonnasynyň bahasy 398,5 ABŞ dollaryna barabar bolan az kükürtli ýakyş mazudynyň 30 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Şeýle-de içerki bazar üçin türkmen telekeçileri jemi bahasy 11 million 200 müň manada deň bolan jemleýji nebit koksynyň 1 müň tonnasyny satyn aldylar. Jemleýji nebit koksynyň bir tonnasynyň bahasy 11 müň 200 manada deň boldy.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 24 million ABŞ dollaryna deň boldy.