Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenilen ilçilerini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenilen ilçilerini kabul etdi
Döwlet Baştutanymyz Italiýanyň doly ygtyýarly wekilini bu jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Italiýanyň, Kataryň we Gyrgyzystanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Italiýanyň ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşyk

Duşuşygyň dowamynda diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz Italiýanyň doly ygtyýarly wekilini bu jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Italiýanyň indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow taraplaryň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanyp boljakdygyny aýtdy we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk we dokma senagaty ulgamlarynda iri milli hem-de halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hasaba almak bilen, bu mümkinçilikleriň işjeň herekete girizilmelidigini belledi.

Kataryň ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbin bilen duşuşyk

Döwlet Baştutanymyz we diplomat özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm meselelerine degip geçmek bilen, parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýetini nygtadylar. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Gyrgyzystanyň ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşyk

Ilçi Türkmenistanyň Prezidentine wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz we ilçi hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Italiýanyň, Kataryň we Gyrgyzystanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileri dostlukly ýurtlaryň bähbidine laýyk gelýän köpugurly netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdiklerini ynandyrdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022