YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşi 23-24-nji ýanwarda Daşkentde geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşi 23-24-nji ýanwarda Daşkentde geçiriler
Daşkent, Özbegistan

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşi 23-24-nji ýanwar aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi Özbegistanyň YGH-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.

Ýakyn wagtda geçiriljek mejlise Guramanyň agza ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleri we YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşarlar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy Ýewropanyň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän gurama bolup, onuň agzalygyna Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girýär.

2022