Türkmenistanyň we Russiýanyň Döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Russiýanyň Döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy, 2022-nji ýylyň 10-njy iýuny, Moskwa, Russiýa (Surat: Kremlin.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri energetika pudagyndaky amaly hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň Döwlet Baştutanlary rus-türkmen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin geçen ýylyň iýun aýynda Moskwada geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça iki ýurduň arasyndaky Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

2022