Azerbaýjan 8,25 müň tonnadan gowrak türkmen benzinini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan 8,25 müň tonnadan gowrak türkmen benzinini import etdi
Degişli döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana “Premium Euro-95” görnüşli awtoulag benzininiň eksporty 7 million 812,83 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Azerbaýjana 8 müň 258,9 tonna “Premium Euro-95” görnüşli awtoulag benzinini eksport etdi. Bu barada “Interfaks-Azerbaýjan” agentligi Azerbaýjanyň hökümetine salgylanyp çarşenbe güni habar berdi.

Degişli döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana “Premium Euro-95” görnüşli awtoulag benzininiň eksporty 7 million 812,83 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň on bir aýynda 96 müň 574,72 tonna “Premium Euro-95” görnüşli awtoulag benzinini import etdi, bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28 göterim pesdir.

“Premium Euro-95” görnüşli benziniň importynyň möçberi 99 million 395,53 müň ABŞ dollaryna deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,3 göterim peseldi.

Şeýlelikde, “Premium Euro-95” görnüşli benziniň umumy importynyň 72,6 göterimi ýa-da 70 müň 159,2 tonnasy (72 million 908,02 müň ABŞ dollary) Russiýanyň paýyna düşdi.

Bu benziniň galan bölegi Rumyniýadan (6 million 505,55 müň ABŞ dollaryna deň bolan 7 müň 286,18 tonna) we Belarus Respublikasyndan (323,02 müň ABŞ dollaryna deň bolan 431,75 tonna) import edildi.

Häzirki wagtda Azerbaýjanyň içerki bazaryndaky "Premium Euro-95" görnüşli awtoulag benzininiň bölek satuw bahasy 1 litr üçin 2 manada deňdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022