Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow rus-türkmen gatnaşyklarynyň çäginde Russiýanyň sebitleriniň biri bolan Tatarstan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. (Surat: president.tatarstan.ru)

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow rus-türkmen gatnaşyklarynyň çäginde Russiýanyň sebitleriniň biri bolan Tatarstan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady ugurda, senagat pudagynda köp sanly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we Tartarystanyň iri kompaniýalarynyň öz işlerini Türkmenistanyň çäginde durmuşa geçirýändiklerini belledi.

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow öz gezeginde Tatarstana bolan mähirli we doganlyk garaýşy üçin Gurbanguly Berdimuhamedow minnetdarlyk bildirdi we strategiki hyzmatdaşlygyň çäginde sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem gowy mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Rustam Minnihanow Tatarstanyň iri senagat kompaniýalarynyň Türkmenistanda üstünlikli işleýändigini aýtdy. Özara hyzmatdaşlyk nebit öndürmekde, nebiti gaýtadan işlemekde, maşyn gurluşygynda we beýleki ugurlarda alnyp barylýar diýip, habarda bellenilýär.

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow çarşenbe güni iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyň çäginde rus-türkmen işewürler forumynyň umumy mejlisine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar, şeýle hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hyzmat ediş merkezine baryp görer.

2022