Russiýanyň Türkmenistandan üstaşyr ýük gatnawlary 4 esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň Türkmenistandan üstaşyr ýük gatnawlary 4 esse artdy
Raşid Meredow demir ýol we gämigurluşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ileri tutulýan ugra öwrülýändigini nygtady.

Russiýadan geçen ýylyň deslapky jemleri boýunça Türkmenistanyň çäklerinden sebitiň beýleki ýurtlaryna geçirilýän ýük gatnawlary 4 esse artdy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Russiýanyň wekiliýetiniň şeýle wekilçilikli düzümi, onuň ýokary derejesi, ýurduň dürli sebitlerine giň wekilçiligi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanmanyň, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň subutnamasydyr. Işewürlik maslahaty türkmen-rus gatnaşyklaryna täze itergi, ozaly bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň ykdysady ugrunyň ösdürilmegine ýardam berer” diýip, Raşid Meredow belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary çykyşynyň dowamynda häzirki wagtda elektroenergetika ulgamynda Marynyň döwlet elektrik stansiýasyny hem-de Türkmenbaşy şäheriniň ýylylyk elektrik merkezini döwrebaplaşdyrmak işlerine “Silowyýe maşiny” paýdarlar jemgyýetini çekmek boýunça taslamanyň üstünde işlenilýändigini aýtdy.

Şeýle hem Raşid Meredow ulag we logistika ulgamynda giň mümkinçilikler açylýandygyny belledi we şunda demir ýol we gämigurluşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ileri tutulýan ugra öwrülýändigini nygtady.

“Häzirki wagtda Russiýanyň birnäçe beýleki sebitleri, hususan-da, Çelýabinsk, Swerdlowsk we Orýol oblastlary hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler, biz muny goldaýarys” diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministri aýtdy we türkmen tarapynyň Russiýanyň sebitleriniň ýolbaşçylary we işewür toparlary bilen bu meýilnamalary anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň Hökümeti tarapyndan ýokary tehnologiýalar ulgamynyň ösdürilmegine, şol sanda halkara kooperasiýa ugry boýunça giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bu ugurdaky işlere gatnaşmagy, hususan-da, tehnoparklary, IT hem-de Hi-Teсh merkezlerini döretmek babatda çärelere goşulyşmagy ugur edinýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga taýýardyklary üçin russiýaly hyzmatdaşlara hoşallygyny beýan edip, şu gezekki forumyň bu ugurdaky işlere oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022