Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi
Metjidiň düýbüni tutulyş dabarasyna Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow gatnaşdy.

Arkadag şäherinde anna güni Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Metjidiň düýbüni tutulyş dabarasyna Türkmenistanyň il sylagly hormatly ýaşulylary, Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, musulman daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän ilçileri, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir.

Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň Gökdepe Metjidiniň ýanynda ýörite niýetlenilen ýerde berilen toý sadakasyna gatnaşdylar.

Arkadag şäherinde ýerleşýän Baş metjidiň gurluşyk işlerini ozal bu ugurda geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – “Altyn” hojalyk jemgyýeti alyp barar.

2022