Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada içgin pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Tatarystanyň Prezidenti özara hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem myhman şu gezekki saparyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip, olara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de Russiýa bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegi ugur edinýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada içgin pikir alyşmalar boldy.

Rustam Minnihanow Türkmenistanda işleýän tatar kompaniýalaryna goldaw berilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirip, Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljekde-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz we Tatarystanyň Prezidenti birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

2022