Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $10,25 milliarda deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $10,25 milliarda deň boldy
Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Türkmenistan Hytaýa 2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aralygynda 10 milliard 250 million ABŞ dollarlyk tebigy gaz iberdi. Bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 51 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy anna güni habar berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Hasabat döwründe Hytaýy turbageçiriji arkaly tebigy gaz bilen üpjün edýän öňdebaryjy ýurtlaryň arasyna Russiýa hem girdi. Russiýanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty 3 milliard 980 million ABŞ dollaryna barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,63 esse artdy.

Beýleki turbageçiriji arkaly tebigy gazy bilen üpjün edýän öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna Mýanma ($1,43 milliard), Gazagystan ($1,08 milliard) we Özbegistan ($1,07 milliard) girdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan tebigy gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk geçen ýylyň fewral aýynda gazanyldy. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

2022