Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpine gutlag hatyny iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpine gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Täze ýyly mynasybetli ýurduň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaýyň Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygy strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Biz bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyrys” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda aýdylýar.

“Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan güni — 6-njy ýanwarda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze döwletara ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. Munuň özi däp bolan dostlukly gatnaşyklary we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda ýene-de bir möhüm ädim boldy” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022