Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçisi IFAD-yň täze bellenilen Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçisi IFAD-yň täze bellenilen Prezidenti bilen duşuşdy
Taraplar Türkmenistan bilen IFAD-yň arasyndaky özara gatnaşyklary güýçlendirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň FAO-daky hemişelik wekili Toýly Kömekow duşenbe güni Rimde Halkara oba hojalyk ösüş gaznasynyň (IFAD) edara binasynda gaznanyň täze bellenilen Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Toýly Kömekow oba hojalygyny ýokary tehnologiýa pudagyna öwürmek üçin Türkmenistanda geçirilýän özgertmeler we giň gerimli işler barada gürrüň berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýer we suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak we täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly içerki agrosenagat toplumyny ösdürmek döwlet üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

IFAD-yň täze bellenilen Prezidenti Alwaro Lario öz gezeginde guramanyň oba ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri we taslamalary barada habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen IFAD-yň arasyndaky özara gatnaşygy we geljekdäki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýuý Dunýuý bilen Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň FAO-daky hemişelik wekili Toýly Kömekowyň arasynda FAO-nyň edara binasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda Türkmenistanda bu guramanyň wekilhanasyny açmak boýunça şertnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022