Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 26-njy mejlisi Özbegistanyň baştutanlyk etmeginde sişenbe güni Daşkentde geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň “Twitter” sahypasynda habar berildi.
Mejlise Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, sebit edaralarynyň we degişli guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar YHG-nyň agza ýurtlarynyň söwda, maýa goýum, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag geçelgelerindäki özara täsiriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli bolan köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary YHG giňişliginde ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri öňe sürdüler.
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 26-njy mejlisiniň netijesinde, Gazagystanyň teklibi boýunça YHG bilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmegi üpjün edýän Daşkent Beýanaty kabul edildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy 1985-nji ýylda esaslandyrylyp, Ýewropanyň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän guramadyr.