Türkmenistanyň Daşary işler ministri Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Söhbetdeşligiň dowamyna Özbegistanyň Prezidenti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak boýunça meseleleri maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyk Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 26-njy mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Özbegistana eden saparynyň çäginde geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamyna taraplar strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak boýunça, şeýle hem ykdysadyýet, söwda, senagat, energetika, ulag we logistika ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, sebitara we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbegistanyň Prezidenti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle-de göz öňünde tutulýan duşuşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda şu ýylyň birinji ýarymynda Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň, suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki toparyň yzygiderli mejlisleriniň, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, medeni we beýleki birnäçe bilelikdäki çäreleriň geçiriljekdigi bellenildi.

YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 26-njy mejlisi Özbegistanyň baştutanlyk etmeginde 24-nji ýanwarda Daşkentde geçirildi.

2022