Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

BİZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda anna güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini hem-de onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk halkyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Täjigistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, ony okgunly ösdürmäge we hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, bilelikdäki tagallalar arkaly döwletara gatnaşyklaryň türkmen we täjik halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Köp babatda muňa Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işi ýardam edýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon birek-birege berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Täjigistanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022