Türkmen Ilçisi Pakistanyň Elektrik energiýasy boýunça federal ministri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Ilçisi Pakistanyň Elektrik energiýasy boýunça federal ministri bilen duşuşdy
Taraplar bu bilelikdäki iri taslamalary tiz wagtda durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we saparlaryň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Elektrik energiýasy boýunça federal ministri Hurram Dastgir Hanyň arasynda penşenbe güni Yslamabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmek maksady bilen, energiýa pudagyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Atajan Möwlamow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. 

Federal ministr, TOPH we TOP taslamalarynyň Pakistanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, Pakistanyň hökümetiniň bu bilelikdäki taslamalary doly goldaýandygyny we olaryň tiz wagtda durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Taraplar bu bilelikdäki iri taslamalary tiz wagtda durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we saparlaryň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabr aýynda Pakistanyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi bilen Aşgabatda geçirlen duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022