Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Wýaçeslaw Wolodin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny ýetirdi. (Surat: Russiýanyň Döwlet Dumasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşdy. Bu barada Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň başynda Wýaçeslaw Wolodin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny ýetirdi.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa bilen Türkmenistanyň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Wýaçeslaw Wolodiniň aýtmagyna görä, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň kabul eden kararlaryny kanun taýdan goldamak üçin ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi zerurdyr.

Şeýle hem Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykdan soň Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň öňünde çykyş eder.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen ýekşenbe güni Aşgabada geldi. Wekiliýetiň düzümine Russiýanyň Döwlet Dumasynyň ýöriteleşdirilen komitetleriniň agzalary girýär.

2022