Türkmenistanyň Prezidenti Peşewar şäherinde bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Peşewar şäherinde bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Duşenbe güni Pakistanyň Peşewar şäherindäki metjitde bolup geçen terrorçylyk zerarly 101 adam wepat boldy we 200-e golaýy ýaralandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Peşewar şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutantymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini aýtdy, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, duşenbe güni Pakistanyň Peşewar şäherindäki metjitde bolup geçen terrorçylyk zerarly 101 adam wepat boldy we 200-e golaýy ýaralandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022