FAO Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam edýär
FAO bilen GEF-niň CACILM-2 taslamasynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda iki sany toplum (hersi 1 gektar) we synag meýdançasy (3 gektara golaý) döredildi.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Bäherden bilen Daşoguzyň tokaý hojalyklarynyň önümçilik meýdanlarynda, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk Uniwersitetiniň amaly okuw meýdançasynda Türkmenistanyň Milli Tokaý Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen iki sany toplum (hersi 1 gektar) we synag meýdançasy (3 gektara golaý) döredildi.

FAO-nyň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, bu işler esasanam FAO bilen GEF-iň “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak-2” (CACILM-2) taslamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Toplumlarda dürli görnüşli miweli, saýaly, pürli, gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlaryň nahallary, çöl ösümlikleri ösdürilip ýetişdiriler. Synag we görkeziş meýdançasynda ikinji derejeli duzlulygy peseltmek boýunça dürli agro-melioratiw çäreleri geçiriler we mundan beýläk-de ýaýradylmagy üçin niýetlenen duzlulyga hem-de guraklyga çydamly ekinleri ösdürmegiň häzirki zaman usullary ornaşdyrylar.

Şeýle hem, bu taslamanyň çäginde Türkmenistanyň dürli toprak we howa şertlerinde bagbançylyk meýdanlaryny giňeltmek maksady bilen Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmekde CACILM2 taslamasynyň esasy hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi üçin 25 müň sany miweli agaçlaryň nahallary satyn alyndy. Nahallar ýurduň tokaý meýdançalarynda, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk Uniwersitetiniň amaly okuw meýdançasynyň esasynda gurulan synag meýdançasynda ösdürilip ýetişdiriler.

Hususan-da, topragyň duzlulygyny azaltmak we hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen şorlyga we guraklyga çydamly miweli ekinleri (beýi, igde) hem-de beýleki ekinleri (ýorunja, arpa we ş.m) ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.

Tokaý hojalyklarynda miweli agaç nahallarynyň oturdylmagynyň giňeldilmegi we alma, armyt, alça, üzüm, nar we ülje ýaly tebigy miweleriň alynmagy hojalyklara goşmaça girdeji gazanmaga mümkinçilik döreder hem-de ýerli ilat üçin goşmaça iş orunlaryny emele getirer.

Şeýle hem bu ikinji derejeli şorlaşma, ýel we suw eroziýalarynyň öňüni almaga, olary ep-esli azaltmaga ýardam eder we suwarymly ýerlerde ekin hasylynyň ýokarlanmagyna getirer.

2018-nji ýylyň maý aýynda başlan we býujeti 75 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak 2” taslamasy iň uly durnukly tebigy baýlyklary dolandyrmak başlangyçlarynyň biri bolup, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022