Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde ýurduň Döwlet migrasiýa gullugyna, Ýokary kazyýete, Milli howpsuzlyk ministrligine täze ýolbaşçylary belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Gurbanmyrat Annaýewi milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Nazar Atagaraýewi milli howpsuzlyk ministri wezipesine belledi we ony Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Batyr Wolsahatowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde Döwlet Baştutanymyz Guwançmyrat Ussanepesowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesinden boşatdy we Begenç Hojamgulyýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine belledi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Örebaý Muhammedow bilen Musamyrat Söýünowy Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşatdy.
Toýnazar Hudaýnazarow bilen Gurbanmyrat Hudaýberdiýew Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipelerine bellenildi. Bu wezipä bellenilmezden ozal Toýnazar Hudaýnazarow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinde, Gurbanmyrat Hudaýberdiýew bolsa Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinde işleýärdiler.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Türkmenistanda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi.