Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda uçar kerosini we başlangyç ýagy satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Özbegistanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 820 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 görnüşli uçar kerosininiň 12 müň 65 tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 9 million 893 müň 300 ABŞ dollaryna deň boldy.
Şeýle hem Owganystandan gelen telekeçiler jemi bahasy 6 million 355 müň ABŞ dollaryna deň bolan SN-350, SN-180, SN-600 görnüşli başlangyç ýagyň 8 müň tonnasyny satyn aldylar.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 77 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.