TDHÇMB-da $38,4 milliondan gowrak suwuklandyrylan gaz we mazut satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da $38,4 milliondan gowrak suwuklandyrylan gaz we mazut satyldy
Owganystandan gelen telekeçiler jemi bahasy 2 million 725 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we az kükürtli ýangyç mazudy satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 38 million 465 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-niň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 446,75 ABŞ dollaryna deň bolan az kükürtli ýangyç mazudynyň 80 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 35 million 740 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Owganystandan gelen telekeçiler jemi bahasy 2 million 725 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şeýle hem manat serişdesine BAE-den gelen işewür umumy bahasy 990 müň manada deň bolan ýüplügiň 22 müň kilogramyny satyn aldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir kilogramynyň bahasy 45 manada deň boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler bir tonnasynyň bahasy 2500 manada deň bolan nebit bitumynyň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 25 million manada barabar boldy.

Mundan başga-da, türkmen işewürleri umumy bahasy 84 müň 411 manada barabar bolan elde dokalan türkmen halysyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 77 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022