Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly Aşgabatda sadaka berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly Aşgabatda sadaka berler
Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýer titremäniň 7,8 bala deň bolandygyny ölçedi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly şehit bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, sadaka beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy we doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana, ähli türk halkyna gynanjyny bildirip, betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda öz raýatlarymyzyň hem bardygyny nygtady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri döwletimiziň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigini aýratyn belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, türkmen-türk mizemez dost-doganlygynyň nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de türk halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türk halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdiler.

Köp ýurtlar Türkiýä kömek, şol sanda derman serişdelerini, gözleg toparlaryny we maliýe serişdelerini ugratmagy teklip etdiler.

Ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek toparyny we zerur bolan önümleri daşaýan türkmen uçary sişenbe güni irden Aşgabatdan Türkiýä ugrady.

Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýer titremäniň 7,8 bala deň bolandygyny belledi. Şeýle hem duşenbe gününiň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi. AFAD-yň habar bermegine görä, ýertitremelerden soň 1117 sany kiçi sarsgyn emele geldi.

2022