TDHÇMB-da $24 milliondan gowrak nebit önümleri we buýan köki satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da $24 milliondan gowrak nebit önümleri we buýan köki satyldy
Özbegistandan we BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri TC-1 görnüşli uçar kerosininiň 16 müň 935 tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda yşyklandyryjy kerosini, buýan köki we uçar kerosini satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 24 million 10 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Özbegistandan we BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 833,75 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 görnüşli uçar kerosininiň 16 müň 935 tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 14 million 119 müň 556,25 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Owganystanyň, Özbegistanyň we Wirgin adalarynyň telekeçileri jemi bahasy 9 million 641 müň 250 ABŞ dollaryna barabar bolan КО-20 kysymly yşyklandyryjy kerosininiň 15 müň tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 642,75 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Hytaýdan gelen işewür umumy bahasy 250 müň ABŞ dollaryna deň bolan guradylan arassalanmadyk buýan köküniň we kök baldaklarynyň 500 tonnasyny satyn aldy.

Mundan başga-da, manat serişdesine Pakistanly telekeçi bir tonnasynyň bahasy 30 müň 200 manada deň bolan buýan köküniň goýy ekstraktynyň 420 tonnasyny satyn aldy. Geleşigiň jemi bahasy 12 million 684 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 77 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022