Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy ýertitreme zerarly haýyr-sahawat bank hasabyny açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy ýertitreme zerarly haýyr-sahawat bank hasabyny açdy
Haýyr-sahawat maliýe serişdeleri AFAD-yň we Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň bank hasaplaryna geçirilip bilner.

Türkmenistanda ýerleşýän Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň adyna daşary ýurt walýutasynda haýyr-sahawat bank hasaby açyldy. Bu ýerden ähli isleg bildirenler Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere goldaw berip bilerler.

Bu hasaba gelip gowşan ähli maliýe serişdeler Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş edarasynyň (AFAD) we Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň haýyr-sahawat bank hasaplaryna goşmaça tölegsiz geçiriler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Beýanatda habar berilişi ýaly, Türkmen-Türk bankynyň üsti bilen AFAD we Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti gurmalarynyň aşakda görkezilen bank hasaplaryna goşmaça tölegsiz maliýe serişlerini hem ugradyp bolýar.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy – ýertitreme üçin haýyr-sahawat bank hasaby

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Daşary ýurt walýutasy: 23203840273172101909000

Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş edarasy (AFAD)

Ziraat banky

Ankara şahamçasy

Türk lirasy: TR73 0001 0017 4555 5555 5552 04

ABŞ dollary: TR 46 0001 0017 4555 5555 5552 05

Ýewro: TR 19 0001 0017 4555 5555 5552 06

SWIFT: TCZBTR2A   

Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti

Ziraat banky

Çukurambar/Ankara şahamçasy

Türk lirasy: TR48 0001 0021 1000 0028 6852 54

ABŞ dollary: TR21 0001 0021 1000 0028 6852 55

Ýewro: TR91 0001 0021 1000 0028 6852 56

SWIFT: TCZBTR2A

Şeýle hem ähli isleg bildirenler AFAD-yň, Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň we Türkiýäniň dini işler gaznasynyň haýyr-sahawat bank hasaplaryna gönümel maliýe serişdelerini geçirip bilerler.

Köp ýurtlar Türkiýä kömek, şol sanda derman serişdelerini, gözleg toparlaryny we maliýe serişdelerini ugratmagy teklip etdiler.

Ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek toparyny we zerur bolan önümleri daşaýan türkmen uçary sişenbe güni irden Aşgabatdan Türkiýä ugrady.

Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýertitremäniň 7,8 bala deň bolandygyny belledi. Şeýle hem duşenbe gününiň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi. AFAD-yň habar bermegine görä, ýertitremelerden soň 1506 sany kiçi sarsgyn emele geldi. Şu gün irden Türkiýe wagty bilen sagat 08.30 ýagdaýyna görä, wepat bolanlaryň sany 18 müň 342-ä, ýaralananlaryň sany bolsa 72 müň 242-ä ýetdi.

2022