Türkmen wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
Bütindünýä hökümet sammiti “Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek” şygary astynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 13-15-nji fewral aralygynda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Bütindünýä hökümet sammiti “Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek” şygary astynda geçirilýär. Bu sammite 20 sany döwletiň hökümet Baştutanlary, 250-den gowrak ministrler we 10 müň töweregi halkara hökümetiniň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sammitiň “Geljege tarap ýol: hökümetleriň täsiriniň güýçlenmegi” atly mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriň we halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan jogapkär döwlet hökmünde bu babatda eýerýän çemeleşmelerini hem-de hereketlerini anyk kemala getirdi we üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça milli maksatnamalaryň we halkara borçnamalaryň berjaý edilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara söwdada deňhukuklylygy, adalatlylygy we özara hormat goýmagy üpjün etmäge jogapkärli çemeleşýändigini aýtdy. Bu babatda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynyň işine, onuň binýatlaýyn ýörelgelerine eýermäge möhüm ähmiýet berýär diýip, Raşid Meredow öz çykyşynda belledi.

Raşid Meredow saparyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça ministri Mohammad Abdullah Al Gergawi, Wýetnamyň daşary işler ministriniň orunbasary Pham Kuaň Hieu, şeýle-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşyklary geçirdi.

Bütindünýä hökümet sammiti 2013-nji ýyldan bäri Dubaýda her ýyl geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022