Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda bolan gar süýşgünleri zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda bolan gar süýşgünleri zerarly gynanç bildirdi
Täjigistanyň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda çarşenbe güni irden başlan gar süýşgünleri zerarly 17 adam wepat boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň soňky hasabatyna görä, ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda çarşenbe güni irden başlan gar süýşgünleri zerarly 17 adam wepat boldy.

Soňky günlerde Täjigistanyň çäginde 69 sany gar süýşgünleri hasaba alyndy.

2022