Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Döwlet Baştutanymyza minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän türkmen-rus syýasy dialogynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň, özara söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrmak üçin täze ugurlara çykmagyň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk umumy bähbitlere laýyk gelýän, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşdylar.

2022