Aşgabatda ýerleşýän “Meno Logistics Turkmen” we “Tylla Nal” kompaniýalary ýertitremede ejir çekenlere ýardam bermek maksady bilen anna güni Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdiler.
Kompaniýanyň wekilleriniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, ýük awtoulagy arkaly çaga egin-eşikleri, şol sanda ýyly eşikler Türkiýä ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberildi.
Ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermegi bilen ugradyldy.
Türkiýede 6-njy fewralda bolup geçen iki sany güýçli ýertitreme zerarly 40 müň adam wepat boldy. Türkiýäniň Şähergurluşyk ministrligi ýertitreme zerarly ýykylan hem-de agyr zeper ýeten binalaryň sanynyň 84 müň 700-e golaýlandygyny çaklaýar.
Penşenbe güni hem ýertitremede ejir çekenlere kömek bermek maksady bilen 1 müň 500 ýorgan hem-de 10 generator Aşgabatdan Türkiýä iberildi.