Türkiýedäki ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek bermek maksady bilen Türkmenistanda ýygnalan nobatdaky ynsanperwerlik kömegi ýekşenbe güni Aşgabatdan Türkiýä iberildi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oralyň “Twitter” sahypasynda habar berilýär.
Togan Oralyň habar bermegine görä, 1 müň ýorgan hem-de 10 generator “Türk howaýollary” kompaniýasynyň uçary bilen Aşgabatdan Türkiýä iberildi.
Türk ilçisi Türkmenistanda iş alyp barýan türk kompaniýalaryna, şeýle hem raýatlara ýertitreme zolagyna goşan haýyr-sahawatlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Aşgabatda ýerleşýän “Meno Logistics Turkmen” we “Tylla Nal” kompaniýalary ýertitremede ejir çekenlere ýardam bermek maksady bilen anna güni Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdiler.
Türkiýede 6-njy fewralda bolup geçen iki sany güýçli ýertitreme zerarly 41 müňden gowrak adam wepat boldy. Türkiýäniň Şähergurluşyk ministrligi ýertitreme zerarly ýykylan hem-de agyr zeper ýeten binalaryň sanynyň 84 müň 700-e golaýlandygyny çaklaýar.