“Halkara syýahat” we “Dünýä Ulag Hyzmatlary” kompaniýalarynyň bilelikdäki edarasy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Halkara syýahat” we “Dünýä Ulag Hyzmatlary” kompaniýalarynyň bilelikdäki edarasy açyldy
“Halkara syýahat” kärhanasy “Turkish Airlines” kompaniýasynyň resmi agenti bolup çykyş edýär.

Aşgabat şäherinde “Halkara syýahat” hususy kärhanasy bilen “Dünýä Ulag Hyzmatlary” hojalyk jemgyýetiniň bilelikdäki edarasy açyldy.

“Dünýä Ulag Hyzmatlary” kompaniýasynyň hünärmeni Meňli Emirowanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, “Dünýä Ulag Hyzmatlary” häzirki wagtda 1995-nji ýylda Sermet Çetin tarapyndan esaslandyrylan “Asia Sky Express” (ASE) kompaniýasy bilen bilelikde dürli görnüşli kiçi göwrümli ýükleri we resminamalary 230-dan gowrak ýurda eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar. Şeýle hem “Dünýä Ulag Hyzmatlary” kompaniýasy “Turkish Cargo” kompaniýasynyň resmi hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

“Dünýä Ulag Hyzmatlary” kompaniýasy müşderilere “gapydan-gapa” hyzmatyny, ýükleriň howa arkaly daşamalaryny, ýükleriň ygtybarly gaplama hyzmatyny, gümrük taýdan resmileşdirmek, maslahat bermek, sanly ulgam arkaly ýükleri yzarlamak we şahsy goşlary daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.

Kompaniýanyň esasy aýratynlyklary tizlik, ygtybarlylyk, açyklyk bolup, ýükler iberilýän ýurduna görä 5-10 günüň dowamynda görkezilen salga gowşurylýar. Kompaniýanyň üsti bilen müşderiler 30 kilograma çenli gyssagly ýüklerini we resminamalaryny ugradyp bilerler.

“Halkara syýahat” hususy syýahatçylyk kärhanasy 2020-nji ýylyň 19-njy martynda Aşgabatda esaslandyryldy. “Halkara syýahat” kärhanasy daşary ýurtly jahankeşdeler we ýerli ilat üçin daşary ýurda we Türkmenistanyň çägine syýahatlary hem-de gezelençleri gurnaýar. Şeýle-de “Halkara syýahat” kärhanasy “Turkish Airlines” kompaniýasynyň resmi agenti bolup çykyş edýär.

Kompaniýa ýol-ulag petekleri satyn almak, myhmanhanalar bilen üpjün etmek, gezelençleri gurnamak, wiza we beýleki syýahatçylyk hyzmatlary amala aşyrýar.

“Halkara syýahat” kärhanasynyň syýahat menejeri Gülöwser Öwezberdiýewanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, bu kärhananyň ähli ugurlar boýunça syýahatlary gurnamaga mümkinçiligi bolup, olara Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Polşa, Täjigistan, Russiýa ýaly döwletler degişlidir.

“Halkara syýahat” hususy syýahatçylyk kärhanasynda birnäçe daşary ýurt dilini bilýän hünärmenler zähmet çekýär.

“Halkara syýahat” hususy kärhanasynyň, “Dünýä Ulag Hyzmatlary” hojalyk jemgyýetiniň “Asia Sky Express” (ASE) kompaniýasy bilen bilelikdäki edarasy Aşgabat şäheriniň G.Ezizow köçesiniň 36-nji “Ulag Menzil” jaýynda ýerleşýär.

“Dünýä Ulag Hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmak üçin:

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (12) 95 46 82/83; +993 61-13-16-61

Elektron salgysy: aseocsasb@asecourier.com

Web sahypasy: ase.com.tr

“Halkara syýahat” hususy kärhanasy bilen habarlaşmak üçin:

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 63-10-34-44; +993 63-10-35-55

Instagram: halkarasyyahat

2022