Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Kataryň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Kataryň Emirine we ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Katar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge hemişe taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy.
Şeýle-de Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Katar Döwletine gelip görmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Habarda bellenilişi ýaly, saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.