Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna barar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna barar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna barar. Bu barada “Bahrain” habarlar gullugy habar berdi.

Saparyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem soňky sebitleýin hem-de halkara ösüşleri ara alyp maslahatlaşar.

Şeýle hem geçiriljek ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

2022