Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda gidroarassalanan dizel ýangyjy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 25 million 162 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.
Owganystanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 838,75 ABŞ dollaryna deň bolan gidroarassalanan dizel ýangyjynyň 30 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň möçberi 109 million 250 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.