Türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda çarşenbe güni Bahreýniň paýtagty Manamada geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ol resminamalar şulardan ybaratdyr:

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Howa gatnawy hakynda Ylalaşyk;

- Miras bilen baglanyşykly senetçilik we däp-dessurlar babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Muhammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimleri akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda deňiz ulaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demirýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda umumy, tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Medeniýet we gadymyýet müdirliginiň arasynda 2023-2027-nji ýyllar aralygynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasy;

- Ählumumy Deňiz-Howa Logistikanyň hyzmatdaşy baradaky Şahadatnamasy; 

- Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk.

Manamada geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan soňra, Döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.

2022