ABŞ-nyň Döwlet sekretary Merkezi Aziýanyň ýokary wezipeli resmileri bilen duşuşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Merkezi Aziýanyň ýokary wezipeli resmileri bilen duşuşar
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken (Surat: "Reuters")

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewralda Gazagystanyň paýtagty Astana amala aşyrjak saparynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ýokary wezipeli hökümet resmileri bilen C5+1 ministrler duşuşygyna gatnaşar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň penşenbe güni ýaýradylan metbugat beýanatynda habar berildi.

C5+1 ministrler derejesindäki duşuşyk ABŞ-nyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky ykdysady, energiýa, daşky gurşaw we howpsuzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdiriler.

Beýanatda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Entoni Blinken ABŞ-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine, şeýle hem umumy global meseleleriň çözgütleri boýunça sebit bilen hyzmatdaşlyga ygrarlygyny tassyklar.

C5+1 ministrler derejesindäki duşuşygyň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýokary wezipeli resmileri bilen aýratyn duşuşyk geçirip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşar.

Soňra ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken sapar bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkende barar we Özbegistanyň hökümet wekilleri bilen duşuşar.

“C5+1” formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022