Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikinji “Gurluşlaýyn dialog” 22-23-nji fewralda Aşgabatda geçiridi. Duşuşygyň birinji gününde Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny guramagyň mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Britan wekiliýetine bolsa Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygynyň orunbasary Jastin Makkenzi Smit ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit syýasaty hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem taraplar Owganystandaky ýagdaý boýunça iki ýurduň çemeleşmeleri barada pikir alyşdylar we terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynynyň häzirki ýadaýyna syn berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly özara söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy boýunça geljekki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy hem-de Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny guramagyň mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ikinji gününde ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem taraplar howpsuzlyk we beýleki gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.