Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany doglan güni bilen gutlady
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana 69-ýaş doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Biz emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.

Döwlet Baştutanymyz kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, dostlukly ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

2022