Türkmenistanyň baş diplomaty Astanada gazak kärdeşi bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty Astanada gazak kärdeşi bilen duşuşdy
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Astanada Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň ýetip gelýän “C5+1” ministrler derejesindäki duşuşygyň çäginde geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.

Taraplar söwda, ulag, logistika we energetika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn güýçlendirmek üçin gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar we halkara giňişlikdäki gatnaşyklary has-da güýçlendirmäge gyzyklanma bildirdiler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň gatnaşmagynda sişenbe güni geçiriljek “C5+1” ministrler derejesindäki duşuşyk ABŞ-nyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky ykdysady, energiýa, daşky gurşaw we howpsuzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022