BMGÖM we Türkmenistan $78 millionlyk täze saglyk taslamalaryna gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMGÖM we Türkmenistan $78 millionlyk täze saglyk taslamalaryna gol çekdiler
Täze saglyk taslamalary Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi duşenbe güni Aşgabatda ýokanç däl keselleri (ÝDK) bejermek mümkinçiligini gowulandyrmak we keselleriň kliniki laboratoriýa diagnostikasynda milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin umymy bahasy 78 million ABŞ dollaryna deň bolan täze saglyk taslamalaryna gol çekdiler.

Täze saglyk taslamalary Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär. Bu barada BMGÖM-niň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Hususan-da, BMGÖM Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamy güýçlendirmek boýunça milli tagallalary goldamak üçin aşakdaky täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirip başlady:

  • "2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek, ene we çaganyň saglygyny goramak üçin zerur dermanlar bilen üpjün etmek" taslamasy Türkmenistanyň milli saglyk ulgamynyň ýokanç däl kesellere, seýrek duş gelýän kesellere garşy göreşmäge, ene we çaganyň saglygyny gowulandyrmak üçin mümkinçilikleri güýçlendirmäge gönükdirilendir. Bu taslama ýokanç däl keselleri, şeýle-de beýleki keselleri bejermek üçin derman satyn almak arkaly ýokary hilli dermanlara elýeterliligi üpjün eder.
  • “2023–2024-nji ýyllarda Türkmenistanda kliniki we laboratoriýa hyzmatyny güýçlendirmek” taslamasy keselleriň kliniki barlaghana diagnostikasy pudagynda milli saglyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilendir. Bu taslama umumy ýokanç we ýokanç däl keseller, hirurgiýa, adatdan daşary ýagdaýlar, enäniň we çaganyň saglygy ýaly iň köp ýaýran keselleri takyk we wagtynda anyklamak üçin elýeterliligi, ygtybarlylygy we iň häzirki zaman laboratoriýa synagyny üpjün etmek üçin saglygy goraýyş hyzmatlaryna ýardam berer.

Şeýle hem “2023–2024-nji ýyllarda Türkmenistanda kliniki we laboratoriýa hyzmatyny güýçlendirmek” taslamasy ilatyň köp bölegine hyzmat edýän başlangyç saglygy goraýyş barlaghanalaryna goldaw berer.

BMGÖM bilen Türkmenistanyň arasynda diňe saglygy goraýyş pudagynda geçen we häzirki hyzmatdaşlygyň mukdary takmynan 150 million ABŞ dollaryna barabar boldy we bu serişdeleriň köp bölegi Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

2022