Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ azyk howpsuzlygy, energiýa meselelerini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ azyk howpsuzlygy, energiýa meselelerini maslahatlaşdy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sişenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astanada “C5+1” formatda geçiren duşuşygy (Surat: Entoni Blinkeniň “Twitter” hasaby)

Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň arasynda sişenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astanada “C5+1” formatda geçirilen duşuşykda azyk howpsuzlygy we energiýa boýunça hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugy habar berdi.

“C5+1” ministrler derejesindäki duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

“C5+ 1 mehanizmi, ykdysady hyzmatdaşlygy, howpsuzlygy we Merkezi Aziýada durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin täsirli sebit diplomatik platformasy hökmünde özüni görkezdi. Duşuşygyň dowamynda azyk howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreş, energiýa we daşky gurşaw ugurlarynda hyzmatdaşlyk we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministri aýtdy.

Muhtar Tleuberdi Gazagystanyň ABŞ-nyň Merkezi Aziýa sebiti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ygrarlygyna ýokary baha berýändigini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen aýratynlykda duşuşyklary hem geçirdi.

 “C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022