Türkmenistan ABŞ bilen ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmäge gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ABŞ bilen ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň baş diplomatlary howanyň üýtgemeginiň meseleleri, howpsuzlyk we ykdysady ösüş başlangyçlary boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Entoni Blinkeniň "Twitter" hasaby)

Türkmenistan ABŞ bilen ikitaraplaýyn geňeşmeleri gysga wagtda geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň sişenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astanada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen geçirilen duşuşykdan öň aýdanlaryna salgylanyp, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Raşid Meredow Türkmenistan bilen ABŞ-nyň ikitaraplaýyn geňeşmeleri üçin gowy we täsirli mehanizmiň bardygyny belläp, möhüm ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şeýle duşuşyklaryň gurnalmagyna gyzyklanma bildirdi.

Entoni Blinken öz gezeginde ABŞ-nyň Türkmenistan bilen howanyň üýtgemegi, sebitiň halklary üçin ýokary ykdysady ösüşi we mümkinçilikleri döretmek, hem-de sebitleýin howpsuzlyk ýaly käbir sebitleýin we global meseleleri çözmek üçin işleşmäge isleg bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar howanyň üýtgemeginiň meseleleri, howpsuzlyk we ykdysady ösüş başlangyçlary boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň “C5+1” ministrler derejesindäki duşuşygy sişenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Duşuşygyň dowamynda azyk howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreş, energiýa we daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýan köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022