Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Azerbaýjana bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Azerbaýjana bardy
Döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow, Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowwe beýleki resmi adamlar garşyladylar. (Surat: Azertag.az)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni iş sapary bilen Azerbaýjana bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow, Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada "Trend" agentligi penşenbe güni habar berdi.

Saparyň çäklerinde Döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşar.

Azerbaýjan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Sammitiň dowamynda, COVID-19 pandemiýasynyň netijelerini ýeňip geçmek nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmegi meýilleşdirilýär. Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşarlar.

2022