Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda kärdeşi Ilham Aliýew bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda kärdeşi Ilham Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine hemişe aýratyn üns berýändigini aýtdy. (Surat: President.az)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Ilham Aliýewe Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşmaga çagyranlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramakdaky möhüm ornuny belledi. Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäginde pandemiýa garşy göreşe aýratyn üns berilýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew öz gezeginde sammite gatnaşanlygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi we Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine hemişe aýratyn üns berýändigini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti syýasy gepleşikleriň ýokary derejesine, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ünsi çekdi.

Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn syýasy gatnaşyklaryň berk binýatda gurulandygyny nygtady. Mundan başga-da, Azerbaýjanyň Prezidenti ýurtlaryň energiýa, pagta ösdürip ýetişdirmek, ulag we maýa goýum ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Şeýle hem Prezident Ilham Aliýew ýurduň ulag we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilýändigini aýtdy we munuň özi geljekde türkmen harytlaryny Azerbaýjanyň çäginden daşamak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022