Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýada bolan demir ýol heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýada bolan demir ýol heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Bu çaknyşyk ýurtda bolup geçen iň pajygaly demir ýol heläkçiligi boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropula Larisa şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly demir ýol heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

AP agentliginiň habar bermegine görä, sişenbe güni 350 adamly ýolagçy otlusy bilen ýük otlusynyň çaknyşygynda 57 sany adam aradan çykdy we 48-den gowrak adam ýaralanyp, hassahana ýerleşdirildi.

Bu çaknyşyk ýurtda bolup geçen iň pajygaly demir ýol heläkçiligi boldy. Gresiýada Larisa şäheriniň golaýynda bolup geçen demir ýol heläkçiliginde ejir çekenleriň hatyrasyna üç günlük ýas yglan edildi.

2022