Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda Owganystanyň işewür toparlary portlandsement we uçar kerosinini satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Owganystandan gelen telekeçi jemi bahasy 1 million 256 müň 625 ABŞ dollaryna deň bolan Jet A-1 görnüşli uçar kerosininiň 1 müň 500 tonnasyny satyn aldy. Satylan bu önümiň 1 tonnasynyň bahasy 837,75 ABŞ dollaryna deň boldy.
Mundan başga-da, Owganystanly işewürler bir tonnasynyň bahasy 40 ABŞ dollaryna deň bolan portlandsemendiň 9 müň 880 tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 395 müň 200 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 4 million 729 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.