Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçiriler
BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň edara binasy, Rim, Italiýa.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabat şäherinde “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara maslahaty gurnamak boýunça degişli Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine FAO bilen bilelikde halkara maslahatyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Halkara maslahaty gurnamak boýunça karar azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin halkara hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýuý Dunýuý bilen Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň FAO-daky hemişelik wekili Toýly Kömekowyň arasynda FAO-nyň edara binasynda 19-njy ýanwarda geçirilen duşuşykda Türkmenistanda bu guramanyň wekilhanasyny açmak boýunça şertnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022