Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Şeýle hem taraplar sebit we halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň özara hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar. (Surat: mfa.tj)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin çarşenbe güni Duşanbede geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel aýynyň birinji ýarymynda Täjigistana meýilleşdirilýän döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Daşary işler ministrleri täjik-türkmen gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýaly beýleki ugurlar boýunça möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem taraplar sebit we halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň özara hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrleri şu ýylyň sentýabr aýynda Duşanbede geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meselelerine garadylar.

2022