Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň gaýtadan saýlanan Başlygy Si Szinpini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň gaýtadan saýlanan Başlygy Si Szinpini gutlady
Si Szinpin anna güni Hytaýyň milli kanun çykaryjy mejlisi bolan Milli Halk Gurultaýynda ýokary döwlet wezipesine üçünji möhlete saýlandy. (Surat: “Xinhua”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaýyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda soňky ýyllarda Hytaý depginli ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, halkara işlerde işjeň orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Şu ýylyň ýanwar aýynda Siziň ýurduňyza amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde bu gatnaşyklara täze itergi berildi” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan edip, Hytaýyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Hytaýyň dostlukly halkynyň bähbitlerine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin anna güni Hytaýyň milli kanun çykaryjy mejlisi bolan Milli Halk Gurultaýynda ýokary döwlet wezipesine üçünji möhlete saýlandy. Şeýle hem Hytaýyň Başlygy biragyzdan ses berilmek bilen Hytaýyň Merkezi Harby Komissiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy.

2022