TDHÇMB-da anna güni $11,2 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da anna güni $11,2 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Owganystanyň işewürleri A-92 kysymly awtoulag benzininiň 15 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda A-92 kysymly awtoulag benzini satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 11 million 242 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanyň işewürleri A-92 kysymly awtoulag benzininiň 15 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 749,5 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 4 million 729 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022